Söweş sambosy boýunça iň kiçi ýaşly türgen Guwanç Muhammedowyň tutluşyklaryny alyp barşy diýseň özüneçekijidir.  Ýaňy 8 ýaşynyň dolandygyna garamazdan, sambo tilsimlerini sazlaşykly, owadan ýerine ýetirýän ýaşajyk türgen heniz 4 ýaşyndaka türgenleşik toparyna ýazylypdyr. Bu babatda onuň sport zalynda häzirki güne çenli ähli ýaryşlarynda janköýerlik edýän kakasy Kakajan Muhammedowyň tagallasy diýseň uludyr.

Guwanç eýýäm 5 ýaşyndan ýaryşlara gatnaşyp başlady. Ýaryşa çykan wagty gorkyny-ürküni, çekinjeňligi bilmeýän ýaşajyk türgen entek ýeňlip görenmändir. Ol şu wagta çenli 8 gezek çempionlyk medalyny boýnundan asdy. Özi-de her gezek ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda iň kiçi ýaşly türgen bolup çykyş edipdir. Bu günki gün Guwanjyň jigisi, 4 ýaşyndaky Resul hem türgenleşik toparyna ýazylypdyr. Munuň özi bolsa ýaşajyk türgeniň maşgalasynyň hemra edinýändigini görkezýär.

Çeşme: Türkmensporty gazeti. 2020-nji ýylyň 4-nji iýulyndaky sany. 5-nji sahypa.