Germaniýanyň «Gamburg» toparynda oýnaýan ýarym goragçy Aaron Hant hem özi hakynda öwgüli sözler ýazylmaga mynasyp futbolçy.

Ol «Werder» toparynyňhatarynda çykyş edýärkä, «Nýurnberge» garşy geçirilen duşuşykda jerime meýdançasynda garşydaş toparyň goragçysy bilen galtaşanda ýere ýykylýar.

Muny gören baş emin ikirjiňlenmezden, 11 metrlik jerime urgusyny belleýär. Emma bada-bat ýerinden galan Aaron baş emine tarap ylgaýar we oňa gelen netijesiniň nädogrudygyny ynandyrmagy başarýar.