Döwletjan Ýagşymyradow
dovletjan yagshymuradov

ACA-daky çempionlygyny goramagy başaran Döwletjan Ýagşymyradow
tutluşykdan soňra Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny egnine atyp, mikrafonda
hoşallyk sözlerini aýtdy. Tutluşyk we ondan soňky dabaralar Russiýanyň «Матч
ТВ» ýaýalymynda göni ýaýlym arkaly görkezildi. Ol sözleriniň arasynda gyzgyn
goldawy üçin Türkmenistandaky ähli watandaşlaryna hem hoşallyk bildirdi. Bu
barada teleýaýlyma sagylanyp, «Turkmenportal» saýty habar berýär.
Döwletjan Ýagşymyradow Goldaw üçin hemmelere hoşallyk bildirýärin! Alekseý Butorine-de
hoşallygymy aýdýaryn, ol mynasyp garşydaş. Biz bir-birege hemişe, hatda
tutluşygyň dowam edýän halatynda hem çäksiz hormat goýýarys. Meniň sag
elimde şikes bardy, şonuň üçin tutuluşykda ondan peýdalanyp bilmedim. Ony
uzaga çekdirenim üçin ötünç soraýaryn. Esasyzat, ýeňiş gazandym.
Ilkinji nobatda tälimçilerime, esasan hem, meni bu tutluşyga ýetişdiren
lukanlaryma hoşallyk bildirýärin. Men özümi tutluşykdan bir aý ozal hem gowy
duýamokdym, ýöne şolaryň yhlasy bilen bu gün men tutluşykda. Elbetde, ata-
eneme-de hoşallyk bilýärin. Hiç zady alada etmäň, hemme zat gowy.
Gyzgyn goldawlary üçin ähli watandaşlaryma sagbolsun aýdýaryn. Esasan hem,
Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hoşallygym çäksizdir. Hemmelere sag
boluň!
«Pälwan» sport klubyna, özümiň «Alabaý» klubyma, Sankt-Peterburgda ýaşaýan
we okaýan watandaşlaryma, Türkmenistandan tutuş bir uçary eýeläp, meni
goldamaga gelen garyndaşlaryma, doganlaryma, hemmelere hoşallyk bildirýärin!