«Admiral» hokkeý klubynyň saýtynda  at gazanan sport ussady we Stenliniň Kubogynyň iki gezek eýesi Sergeý Nemçinowyň sport direktory bellenilendigi barada habar peýda boldy.

Sergeý Nemçinowyň «Admiralyň» sport gurluşy bilen tanyşdygy we eýýäm tälimçileriň ştabyny we topary düzmäge girişendigi barada klubyň metbugat gullugy habar berýär. Hokkeýçi geçen ýyl Wladiwostokda bolupdy. 2019-njy ýylyň 2-nji martynda ol «Admiral» çagalar we ýetginjekler sport mekdebinde tälim alýan ýetginjekler bilen master-klas geçipdi. Şonda ol türgenleriň tehnikasynyň gowudygyny hem-de olaryň tertip-düzgüne eýerýändiklerini belläp, türgenleşik barada gowy sözleri aýdypdy.

Sergeý Nemçinow — SSSR-iň at gazanan sport ussady. 1989-njy we 1990-njy ýyllarda ol dünýäniň çempiony diýen ady aldy. 1998-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynda kümüş medalyň eýesi, 1994-nji we 2000-nji ýyllarda Stenliniň Kubogynyň eýesi, 2003-nji ýylda Kontinental kubok ugrundaky ýaryşlarda kümüş medalyň eýesi boldy. SSSR-iň we Russiýanyň ýygyndy toparlarynyň düzümlerinde 133 oýna gatnaşdy we 35 gezek şaýbany garşydaşlarynyň derwezesine geçirdi. SSSR-iň we Russiýanyň çempionatlarynyň 421-sine gatnaşdy we 109 gezek gol urdy. NHL-däki oýunlaryň 866-synda 163 gezek şaýbany derwezä salmagy başardy.

Oýunçy hökmünde «Krylýa Sowetow», Moskwanyň Lokomotiw», SSKA, «Nýu-Ýork Reýnjers», «Wankuwer Kenaks», «Nýu-Ýork Aýlenders», «Nýu-Jersi Dewilz», Ýaroslawlyň «Lokomotiw» toparlarynda çykyş etdi.

2007-nji ýyldan 2009-njy ýyl çenli Russiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesini eýeledi. 2008-nji ýyldan 2011-nji ýyla çenli SSKA-nyň baş tälimçisi, 2018-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli Günorta Koreýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisiniň assistenti (kömekçisi), 2019 njy ýyldan 2020-nji ýyla çenli Türkmenistanyň ýygyndysynyň maslahatçy tälimçisi bolup işledi.