2021-nji we 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň futbol çempionynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşjakdygyny habar beripdik. Türkmenistanyň çempiony yklym ýaryşyna Günbatar zolakdan başlar.

Eýsem, bu zolakdan haýsy döwletlerden näçe topar bolar? Geliň, tanyş bolalyň!

Zolak ýaryşlarynda iň uly artykmaçlyga eýe döwletler Katar bilen Saud Arabystany bolar. Bu döwletleriň hersinden üç topar gönümel toparçalara goşular, bir topar bolsa saýlama duşuşyklaryny geçirmeli bolar.

Eýran bilen Birleşen Apar Emirlikleri hem yklymyň birinji derejeli ýaryşyna dört topar bilen gatnaşar. Ýöne bu döwletlerden diňe iki topar toparçalara saýlama duuşyklary geçirmesizden gatnaşsa, iki topar bu duşuşyklary oýnamaly bolar.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň öňümizdäki iki möwsüminde Yrakdan üç topary görüp bileris. Ýurduň çempiony gönüden-göni toparçalaýyn tapgyra goşulsa, iki topar (Kubogyň eýesi we wise-çempion) saýlama ýaryşdan geçmeli bolar.

Goňşularymyz Özbegistanyň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaryna göni goşular. Ýurduň kubogynyň eýesi bolsa saýlama duşuşyklary geçirmeli bolar.

Indiki ýyldan başlap, Iordaniýanyň, Hindistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň çempionlary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalarynda ýaryşyp başlamak hukugyna eýe bolar.

Zolaga wekilçilik etjek soňky iki döwlet Liwan we Siriýa bolar. Bu döwletleriň çempiony yklymyň birinji derejeli ýaryşyna goşulmak üçin saýlama duşuşyklaryndan geçmeli bolar.​ ​ ​