Selim Nurmyradow
Selim Nurmyradow

Ildeşimiz Artur Geworkýan bilen bilelikde 2011-nji ýylda AFK-nyň kubogyna mynasyp bolan futbolçy Lutfulla Toraýew häzirki wagtda Daşkendiň “Binýotkor” toparynda çykyş etýär. championat.asia saýdy onyň bilen gürriňdeşlik geçiripdir.

Futbolçy gürriňdeşligiň dowamynda toparyna täze gelip goşulan futbolçylar hakynda pikir bildirmek bilen   “ Türkmenistanly ligoner Selim Nurmyradow  heniz ýaş futbolçy, biz onuň gelejegine uly ynam bildirýäris” diýip aýratyn belläp geçdi.

Selim Nurmyradow geçen möwsümi paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” toparynda geçirip Türkmenistanyň çempiony bolmagy başarypdy. Ol Türkmenistan milli ýygyndysyna çagyrylmaga esasy dalaşgär bolup, häzirki wagtda täze topary “Binýotkorda”  Özbegistan milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Wadim Abramowyň tälimçiliginde tälim alýar.