Koronowirus bilen baglanyşykly ýagdaýlar göz öňüne tutulyp, Afrika Milletler Kubogynyň täze senesi yglan edildi.

Bu sport ýaryşy 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlanar. Bu karar Afrika Futbol Konfederasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde kabul edildi.

Afrika Milletler Kubogynyň 2022-nji ýylyň 9-njy ýanwary bilen 6-njy fewraly aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.