agyr atletika

Agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty ― 2020 Gazagystanda däl-de, Özbegistanda geçiriler. Bu barada Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy tarapyndan habar berildi.

Şu ýylyň 16 ― 25-nji apreli aralygynda Gazagystanda geçirilmegi meýilleşdirilen yklym çempionaty Hytaýdaky koronowirus howpy sebäpli Özbegistana geçirildi. Yklym federasiýasy muny Gazagystanyň Hytaý bilen serhetdeşligi bilen düşündirýär.

Ýakynda Özbegistanda agyr atletika boýunça 6-njy halkara raýdaşlyk çempionaty hem geçirilipdi. Bu ýaryşda türkmen agyr atletikaçylarynyň altysy medallaryň dürli görnüşlerine mynasyp bolupdylar.

Aprel aýynda boljak Aziýa çempionaty Tokio Olimpiadasynyň soňky saýlama tapgyrydyr.