2020-nji ýylyň gyş we ýaz pasyllarynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy daşary ýurtlardaky okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň üçüsini geçirer. Bu barada türkmen metbugatyna beren interwýusynda milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Artur Emirýan maglumat berdi.

Türkmen agyr atletikaçylarynyň ilkinji okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 4-nji ýanwar ― 1-nji fewral aralygynda Ermenistanyň paýtagtyndan 50 kilometr uzaklykdaky Sahkadzor şäherinde ýerleşýän sport toplumynda, 1800 metr belentlikde geçer. Soňra 8-nji fewral ― 6-njy mart aralygynda Kislowodsk şypahana-şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde, deňiz derejesinden 1200 metrlik belentlikde türgenleşikler dowam eder. Üçünji ýygnanyşyk bolsa 14-nji mart ― 3-nji aprel aralygynda Soçi şäheriniň Olimpiýa toplumynda geçiriler.