• Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary şu günler Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Topar bu ýerde AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bolan duşuşyga taýýarlyk görer. «Ahalyň» Türkiýedäki türgenleşikleri 31-nji ýanwara çenli dowam eder.

«Ahal» täze möwsümde ýaş tälimçi Hojaahmet Arazowyň ýolbaşçylygynda ýaryşar. Baş tälimçi Türkiýedäki türgenleşiklere 30-a golaý futbolçyny çagyrdy. Olaryň arasynda Myrat Ýagşyýew, Söhbet Allanurow, Ilýa Tamurkin ýaly topara täze goşulan futbolçylar hem bar. Şol sanda «Ahal» şu möwsümde ýaş futbolçylaryň hem birnäçesine mümkinçilik berer.

Gyzyklanýan okyjylarymyz üçin, «Ahalyň» Türkiýedäki türgenleşigine gatnaşýan futbolçylaryň sanawyny ýerleşdirýäris:

  1. Gurban Annaýew
  2. Gurbanguly Aşyrow
  3. Azady Annadurdyýew
  4. Wezirgeldi Ylýasow
  5. Batyr Babaýew
  6. Mirza Beknazarow
  7. Yhlas Saparmämmedow
  8. Pirmyrat Sultanow
  9. Didar Durdyýew
  10. Hoşgeldi Hojowow
  11. Guwanç Abylow
  12. Abdy Bäşimow
  13. Öwezmyrat Öwezmyradow
  14. Muhammetkuli Kulyýew
  15. Myrat Hamraýew
  16. Döwran Orazalyýew
  17. Batyr Gaýlyýew
  18. Şöhrat Söýünow
  19. Serdar Annaorazow
  20. Merdan Gurbanow
  21. Ezizmämmet Orazmämmedow
  22. Süleýman Derýaýew
  23. Myrat Ýagşyýew
  24. Güýçmyrat Annagulyýew
  25. Söhbet Allanurow
  26. Ilýa Tamurkin
  27. Elman Tagaýew
  28. Serdar Tukyýew
  29. Azym Hallyýew.

Ýolbaşçylar we tälimçiler düzümi:

  1. Guwançmuhammet Öwekow, ýolbaşçy,
  2. Sähetmyrat Alyýew, toparyň başlygy,
  3. Gurbandurdy Öwekow, toparyň başlygy,
  4. Hojaahmet Arazow, baş tälimçi,
  5. Baýramnyýaz Berdiýew, tälimçi,
  6. Konstansin Grigorýans, fiziki taýdan tälimçi,
  7. Çarymämmet Orazmämmedow, uly adminstrator,
  8. Agajan Orazmyradow, adminstrator,
  9. Parahat Bäşimow, lukman,
  10. Maksatmyrat Ilýasow, beden owkalaýjy,
  11. Begli Annagulyýew, wideoperator.

«Ahalyň» AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynda «Neftçi» bilen boljak duşuşygy 5-nji we 12-nji fewralda geçiriler.

​ ​