ahal fk

Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýän «Ahal» futbol toparynyň bu ýerdäki üçünji ýoldaşlyk duşuşygynda garşydaşynyň Özbegistanyň Namangan şäheriniň «Nawbahory» bolandygyny habar beripdik. «Ahalyň» resmi wekilleriniň habar bermegine görä, duşuşygyň geçiriljek güni belli boldy. Duşuşyk 28-nji ýanwarda bolar.

Mälim bolşy ýaly, «Nawbahor» 25-nji ýanwarda Türkiýä sary ýola düşer. Düzüminde türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedow hem gözden geçirilýän toparyň bu ýerde göz öňünde tutýan alty ýoldaşlyk duşuşygyndaky ilkinji garşydaşy «Ahal» bolar.

18-nji ýanwarda Gazagystanyň «Irtyşy» bilen duşuşan, bu gün hem «Kyzyl-Žar» gazak topary bilen duşuşjak «Ahal» 28-nji ýanwardaky duşuşyk bilen Türkiýede meýilleşdiren ýoldaşlyk duşuşyklaryny tamamlar. Topar 31-nji ýanwarda ýurdumyza gaýdyp geler.

 

www.turkmensporty.com