Täze möwsüme Türkiýäniň Antalýa şäherinde taýýarlanýan «Ahal» şu gün 24-nji ýanwarda özüniñ üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Ahal futbol toparynyñ nobatdaky garşydaşy, Makedoniýanyñ “Struga” futbol topary bolar. Bu barada Ahal futbol toparynyñ, instagramdaky resmi sahypasy habar berýär.

«Ahal» bilen «Struga» arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy Antalýa şäherindäki «Calisto Fanatik» stadionynda geçiriler. Duşuşyk ýerli wagt bilen 19:30-da başlanar.​ ​