ahal fk

Täze möwsüme Türkiýäniň Antalýa şäherinde taýýarlanýan «Ahal» 18-nji ýanwarda ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

«Sports.kz» saýtynyň ýazmagyna görä, Hojaahmet Arazowyñ tälim berýänleri şol gün Gazagystanyň Palwador şäheriniň «Irtyş» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu toparyň düzüminde türkmenistanly ýarym goragçy Ruslan Mingazowyň hem çykyş edýändigini ýatladýarys.

Gazagystanyň Premýer ligasynyň täze möwsümine 7-nji martda bagalga berler. «Irtyş» çempionatdaky ilkinji duşuşygyny «Kaýsar» topary bilen geçirer.

«Ahalyň» Antalýadaky türgenleşikleriniň bolsa 31-nji ýanwara çenli dowam etdjekdigini ýatladýarys. Topar 15 günlük türgenleşikleriň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň başga-da birnäçesini geçirer.