“Türkmennebitönümleri” baş müdirliginiň “Ahal” futbol topary şu gün Türkiýede geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Hojaahmet Arazowyň şägirtleriniň bu günki garşydaşy Özbegistanyň “Nawbahor” futbol topary bolar.​
Mundan ozal üç duşuşyk geçiren “Ahal” şolaryň soňky ikisinde garşydaşlaryndan rüstem geldi. Tälimçi bu gün hem esasy düzümdäki we ätiýaçlykdaky oýunlaryň birnäçesini synagdan geçirmekçi.
“Ahal” 31-nji ýanwarda ýurdumyza dolanyp geler.
“Ahal” – “Nawbahor” duşuşygy Antalýa şäherindäki “Avaya” stadionynda geçiriler. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen agşam sagat 18-de başlanmagyna garaşylýar.