Düýn Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistanyň wise-çempiony “Ahal” Gazagystanyň Birinji ligasynyň çempiony “Kyzyl-Žar” toparyny ýeňdi. Şeýlelikde, Türkiýedäki türgenleşikleriň dowamynda ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren Hojaahmet Arazowyň şägirtleri täze möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandylar.
Duşuşyk 1:0 hasabynda “Ahalyň” ýeňşi bilen tamamlandy. Ýeke-täk pökgini 20-nji minutda Myrat Ýagşyýew geçirdi. Gol pasyny bolsa Guwanç Abylow berdi.
“Ahalyň” Türkiýedäki türgenleşikleri dowam edýär. Topar 28-nji ýanwarda Özbegistanyň “Nawbahory” bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.