Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny alyp barýan «Ahal» şu gün geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Demirgazyk Makedoniýanyň «Struga» toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Hojaahmet Arazowyň şägirtleriniň ilkinji goluny Pirmyrat Sultanow, ikinji goluny jerime urgusyndan Artur Geworkýan geçirdi. Şeýlelikde, «Ahal» Türkiýede geçiren üçünji ýoldaşlyk duşuşygyndaky ikinji ýeňşini gazandy.

Mundan ozal Gazgyztanyň «Irtyş» we «Kyzyl-Žar» toparlary bilen duşuşan «Ahal» bu garşydaşlaryň birinjisinden 1:3 hasabynda asgyn gelip, ikinjisini 1:0 hasabynda ýeňipdi.

«Ahalyň» Antalýadaky dördünji garşydaşy Özbegistanyň «Nawbohor» kluby bolar. «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň topary Türkiýedäki türgenleşiklerini 31-nji ýanwarda tamamlar.