Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdep-internatyna 2020-2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän 2007-nji ýylda doglup 7-nji synpy tamamlan (2013-nji ýylda 6 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň okuwçylary sportuň:

 * erkin göreş,

 * dzýudo göreşi,

* woleýbol,

* ýeňil atletika,

* futbol,

* agyr atletika,

* boks,

* türkmen milli göreşi,

* guşakly göreş görnüşleri boýunça kabuk edilýär. Bu sport mekdebine girmäge isleg bildirýän  okuwçylaryň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy şu aşakylardyr:

  1. Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  2. Maglumat, üç arkasy barada maglumat (elektron görnüşde aýratyn tabşyrmaly);
  3. Dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürmesi (3 sany nusga);
  4. Ata-enesiniň ýa-da onuň ornuny tutýan raýatyň pasportynyň göçürmesi;
  5. Ýaşaýan ýerinden kepilnama (Forma № 3);
  6. Okaýan mekdebinden ýetişigi barada şahsy jiltiniň göçürmesi we göçürmäniň dogrudygy barada mekdep direktorynyň goly bilen möhri basylan bolmaly, şol synpda okaýandygy barada kepilnama we häsiýetnama;
  7. Saglygy barada kepilnama – forma 026 görnüşinde;
  8. Saglygy barada kepilnama – forma 063 görnüşinde:
  9. Döş kapasasynyň rentgenoskopiýasy we lukmanyň netijesi;
  10. Ganyň topary we rezus-faktory;
  11. Ganyň we peşewiň umumy barlagynyň netijesi;
  12. EKG barlagy we barlagyň netijesi.
  13. Inçe kesel, psih we deri dispanserlerinden kepilnama;
  14. EFIOKG barlagy (ýürek);
  15. Türgenleşýän sport görnüşinden sport derejesi baradaky hasap kitapçasy;
  16. Çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň hödürnamasy;
  17. 9 sany 3×4 ölçeginde surat.

Okuwa girmäge isleg bildiren okuwçylaryň resminamalary 2020-nji ýylyň 1 – 20-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sport görnüşleri boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap almak bäsleşigi 2020-nji ýylyň 22 – 28-nji iýuly aralygynda geçirilýär. Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň salgysy:  Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşliginiň Babarap köçesiniň 9-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 8001373-32-05