Futzal boýunça ýurdumyzyň birinjiliginiň Ahal welaýat zolagynyň ýaryşlarynyň birinji aýlawynyň onunjy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

«Sarahs» we «Bäherden» toparlarynyň duşuşygynda Sarahs etrabynyň futzalçylary 9:4 hasabynda ýeňiş gazandylar. «Babadaýhan» topary «Gökdepe» toparyndan 6:8 hasabynda asgyn geldi. «Ýedigen» we «Änew» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda «Änew» topary garşydaşyndan 3:6 hasabynda üstün çykdy. «Tejen» we «Gämi» toparlarynyň özara duşuşygy 2:8 hasabynda tamamlandy. Tapgyryň soňky duşuşygy Kaka etrabynyň «Duşak» we «Kaka» toparlarynyň arasynda geçirilip, «Kaka» toparynyň 4:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Nobatdaky tapgyryň duşuşyklaryndan soňra, Kaka etrabynyň «Kaka», Ak bugdaý etrabynyň «Änew»,  «Gämi» toparlarynyň her biri utuk sanyny 24-e ýetirdiler