AFK-nyň kubogy ― 2020-ä Antalýada taýýarlanýan «Ahalyň» bu ýerde geçirjek ikinji ýoldaşlyk duşuşygyndaky garşydaşy hem mälim boldy. 18-nji ýanwarda Gazagystanyň «Irtyşy» bilen duşuşjak «Ahal» 21-nji ýanwarda Rumyniýanyň «Politehnika Ýassy» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Antalýada 24-nji ýanwara çenli okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän, «Ahal» bilen boljak oýundan başga-da, 18-nji ýanwarda Azerbaýjanyň «Sumgaiti», 23-nji ýanwarda Serbiýanyň «Mladost Lukani» topary bilen duşuşjak rumyn topary ýurduň Birinji ligasynda ýaryşýar.

Ýassy şäherinde 2010-njy ýylda döredilen topar 2014 ― 2015-nji ýylyň futbol möwsüminden bäri ýurduň çempionatynyň Birinji ligasyna gatnaşýar. Ol geçen möwsümi ýaryşyň 10-njy basgançagynda tamamlady.

«Ahalyň» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji ýanwarda tamamlanar. Topar 5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçisi» bilen AFK-nyň kubogy ― 2020-niň saýlama tapgyrynyň duşuşyklaryny geçirer.