KazFootball.kz» neşiriniň habaryna görä, «Ahal» futbol topary şu gün ― 21-nji ýanwarda Gazagystanyň «Kyzyl-Žar» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Bu duşuşyk Türkiýäniň Antalýa şäherindäki Belek şäherçesinde bolar.

Ozal 21-nji ýanwardaky ýoldaşlyk duşuşygynda «Ahalyň» garşydaşynyň Runyniýanyň «Politehnika Ýassy» toparynyň bolmagyna garaşylýardy. Ýöne garşydaş toparyň bu duşuşykdan ýüz öwrendigi sebäpli, Hojaahmet Arazowyň şägirtleri gazak topary bilen duşuşar.

Bu duşuşyk «Ahalyň» Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda geçirjek ikinji ýoldaşlyk duşuşygy bolar. Birinji duşuşyk 18-nji ýanwarda Pawlador şäheriniň «Irtyşy» bilen geçirilipdi. Bu duşuşyk garşydaş toparyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

«Ahal» bilen «Kyzyl-Žaryň» arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygynyň Belek şäherçesindäki «IC Santai» stadionynda bolmagyna garaşylýar. Duşuşyk ýerli wagt bilen 17:30-da başlanar.​ ​