Özbegistanyň «Nawbohor» klubynyň baş tälimçisi Andreý Kançelskis klubyň resmi saýtyna interwýu berdi. Baş tälimçi söhbetdeşligiň dowamynda Türkiýede boljak okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda geçirjek ýoldaşlyk duşuşyklary barada hem maglumat berdi.

Andreý Kançelskis
Andreý Kançelskis

25-nji ýanwarda Türkiýä gitmegi meýilleşdirýän toparyň maksady bu ýerde iki sany okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek. Şolaryň hersinde hem üç sany ýoldaşlyk duşuşygy göz öňünde tutulýar. Häzir olaryň ikisi mälim. Birinjisi Türkmenistanyň «Ahal», ikinjisi bolsa Serbiýanyň «Rad» toparlary.

― Garşydaşlarymyzyň ikisi hem öz çempionatynyň liderleriniň hatarynda ― diýip, bäş tälimçi garşydaş toparlaryň güýjüne ýokary baha berýär.

«Nawbohoryň» türgenleşiklerine  türkmenistanly hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň hem goşulandygyny habar beripdik. Diýmek, milli ýygyndymyzyň hüjümçisi «Ahalyň» garşysyna geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşyp biler.

Düyn «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Gazagystanyň «Irtyş» futbol topary bilen Türkiýedäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk garşydaş toparyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

View this post on Instagram

#ýoldaşlykduşuşygy . www.turkmensporty.com . FC Ertis(🇰🇿)3:1 (🇹🇲)FC Ahal . «Ahalyň» Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji ýanwarda tamamlanar. Ildeşlerimiz 21-nji ýanwarda Ruminiýanyň «Politehnika Ýassy» topary bilen hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirerler. Türkmenistanyň çempionaty ― 2019-y kümüş medal bilen tamamlap, AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan «Ahal» 5-nji we 12-nji fewralda Gyrgyzystanyň «Neftçi» topary bilen duşuşar. . #friendlymatch #dostlukmaçı #ertish #irtish #kazak #kazakhstan #gazagystan #turkmenistan #türkmen #ahal #ahalfc #antalya #ashgabat #mary #lebap #dashoguz #balkan

A post shared by Ýokary Liga 🇹🇲 (@yokaryliga) on