Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Gazagystanyň bäş gezek çempiony «Aktobe» futbol klubynda gözden geçiriler. Bu barada «Kazfootball» neşiri habar berýär.

Häzir «Aktobe» Türkiýäniň Kemer şäherinde türgenleşýär. Didar Durdyýew ýakyn günlerde toparyň bu ýerdäki türgenleşiklerine goşular. Häzir «Aktobe» türkmenistanly hüjümçiden başga-da russiýaly futbolçylaryň hem birnäçesini gözden geçirýär. Olaryň arasynda Perm şäheriniň «Zwezdasynyň» ozalky hüjümçisi Maksim Luk hem bar.

Geçen möwsümi «Ahalyň» düzüminde geçiren Didar Durdyýew Türkmenistanyň çempionaty ― 2019-yň iň netijeli futbolçysy hem bolmagy başarypdy. Eger ol «Aktobeniň» düzümine kabul edilse, häzirki wagtda Gazagystanda futbol oýnaýan ikinji türkmenistanly futbolçy bolar.