Futbola 17 ýaşynda “River Plate” toparynda başlady. “River Plate” bilen 6 gezek liganyň çempiony boldy. 1949-njy ýylda Argentinada futbolçylaryň iş taşlaýyşdan soň, “River Plate” klubundan aýrylyp, Kolumbiýanyň “Deportivo Los Millionarios” toparyna gitdi. 1953-nji ýylda Millonarios toparynyň köýnegini geýip, Ýewropa gezelençinde Real Madridiň we Barselonanyň ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekdi, Santiago Bernabeu Ýeste, di Stefanonyň transferini tamamlajak Barselonanyň öňünde diýen ýaly hereket edip, ony öz toparyna getirdi.

1953-1964-nji ýyllar aralygynda Real Madrid köýnegi bilen 8 La Ligada, 1 Kopa del Reýda, 5 Ýewropa çempion klublarynyň kubogynda (Çempionlar ligasy) we 1 kontinentara kubogynda çempion boldy. 11 ýylda toparynda jemi 308 pökgi geçirdi. Şol döwürde Ýewropa kubogynyň 58 oýnunda 49 gol geçirdi we rekordyň eýesi boldy, rekordy ilkinji gezek, 2005-nji ýylda Raúl Gonzales tarapyndan bozuldy. 1957 we 1959-njy ýyllarda Ýewropada ýylyň futbolçysy baýragyny aldy. Argentinanyň milli ýygyndysynyň formasyny 6 gezek, Kolumbiýanyň milli ýygyndysyny 4 gezek geýenden soň, Ispaniýanyň raýaty boldy we 31 gezek bu ýurduň formasyny geýdi. 1966-njy ýylda 40 ýaşynda, RCD Espanyol köýnegi bilen futbol durmuşyny tamamlady.


2014-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýürek agyry sebäpli intensiw terapiýa alnan we ýagdaýy agyr bolan Afredo di Stefano, 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda sagat 17: 00-da koma düşdi we 17:30 töweregi öldi.

Alfredo Di Stefano… Kimlere görä, Pele we Maradonadan uludyr. Her wezipede çykyş eden zehinli futbolçydy. Käbir futbolçylaryn Di Stefano hakynda aýdan sözleri.

“Di Stefano gören hemmeleriň ajaýyp futbolçysydy. Goragçydan hüjüme çenli oýun maglumatlary kemsizdi. Elmydama fiziki we akyl taýdan taýýardy. Elmydama meniň üçin iň gowularyň arasyndadyr. ” Ferenk Puskas

“Real Madrid janköýerleri maňa, Di Stefanonyň mirasdüşeri diýende, men begenmezdim, gaýta alada ederdim. Di Stefano meniň gören iň uly oýunçymdy. ” Luis Del Sol

“Ol meniň gören iň akylly futbolçymdy. Janymy halas edip biljek oýunçy saýlamaga hakym bar bolsa, Di Stefano bolardy “-diýdi. Bobbi Çarlton

“Peleden gowudygymy bilemok, ýöne ikirjiňlenmän aýdyp bilerin, Di Stefanonyň Peleden has gowudygyny. Pele Ýewropada oýnan bolsa kösenerdi. Di Stefano bolsa özüni bütin dünýäde görkezdi. ” –Maradona

“Dünýäniň iň gowy futbolçysy Real Madridli Alfredo Di Stefano. Maradona diňe çep aýagy bilen gol atardy. Di Stefano bolsa köp taraply oýunçy. Şonuň üçinem ol iň ulusy ”- Pele

 

Seýitmuhommet Jumadurdyýew