Resmi: Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň çäginde duşuşýan paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoý» toparlarynyň arasyndaky duşuşygy soňa süýşürdi – diýip, “TÜRKMENISTANYŇ FUTBOL FEDERASIÝASY” web-saýty habar berýär.

AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň «D» toparçasynyň çäginde güýç synanyşýan bu toparlaryň arasyndaky duşuşyk 11-nji martda Bişkek şäherinde geçirilmelidi.

Ýöne AFK-nyň resmi wekilleri bu duşuşygyň wagtyny näbelli wagta süýşürmek baradaky karara geldiler.