«Altyn asyr» mobil operatory wideo jaň hyzmatyny hem ýola goýdy. Bu barada operatoryň resmi saýtynda habar berilýär.

«Wideoçagyryş ― bu bir wagtyň özünde gürrüňdeşlik we şekil, ol gürrüňdeşe diňe maglumat bermek bilen çäklenmän eýsem gülkini, duýgyny hem berip bilýär» diýip TMCELL resmi saýtynda ýazýar.

Wideoçagyryşy amala aşyrmak üçin çagyrýan we çagyrylýan müşderiniň telefonlary 3G tizlikli internet bilen goldanylmaly, 3G TMCELL hyzmat ediş çäginde ýerleşmeli, frontal kamerasy bilen enjamlaşdyrylmalydyr.

Konferens ― aragatnaşyk wideoçagyryşda berilmeýär.

Wideoçagyryşlaryň bahasy 20 teňňe.

USSD hyzmatyň üsti bilen birikdirmek *0809*3*1#

USSD hyzmatyň üsti bilen öçürmek *0809*3*0#