Gyrgyzystanyñ milli ýygyndysynyň 34 ýaşly ýarymgoragçysy Edgar Bernhadt Dordoý futbol toparynyñ oýunçysy boldy.

Edgar bilen şertnama möwsümiň ahyryna çenli gol çekişildi. Gyrgyzystan futbol çempionynyň birnaçe gezek çempiony Dordoý toparynda Edgar “28-lik” belgide çykyş eder.

Gyrgyzystan SSR-iň Çui sebitiniň Nowopawlowka obasynda dünýä inen, soň bolsa çagalygynda maşgalasy bilen Germaniýa göçüp giden. 34 ýaşly ýarymgoragçy Edgar Bernhart Germaniýa, Gollandiýa, Finlýandiýa, Polşa we Aziýa toparlarynyň birnäçesinde oýnan. Ol 2019-20 möwsüminde Bangladeş döwletiniñ  “Abahani Limited” toparynda çykyş etdi.

2015-nji ýyldan bäri Gyrgyzystanyň milli ýygyndysynda 38 oýun oýnady we 4 pökgi geçirmegi başardy. Transfermarktyň iň soňky maglumatlaryna görä, Edgar Bernhadtyň bahasy 100 müň ýewro.

Maglumat:

Edgar Andreýewiç Bernhardt
Ampulasy: Ýarymgoragçy
Raýatlygy: Gyrgyzystan
Doglan senesi: 03/30/1986
Doglan ýeri: s. Nowopawlowka, Gyrgyz SSR-iň Sokuluk etraby
Oýunçynyň belgisi: 28
Boýy: 174 sm
Agramy: 67 kg

Karýerasy:

2004-06 – Osnabruk (Germaniýa)
2006-07 – Antraht II (Braunşweýg, Germaniýa)
2007-08 – Emmen (Gollandiýa)
2008-09 – Osnabrück II (Germaniýa)
2009-10 – Wuppertal (Germaniýa)
2010-11 – Vaasan (Finlýandiýa)
2012 – Lahti (Finlýandiýa)
2012-14 – Krakowiýa (Polşa)
2014 – aroaro (Finlýandiýa)
2015 – Widzew (Polşa)
2015 – Praçuap (Taýland)
2016 – “Al-Orouba” (Oman)
2016 – Energi (Germaniýa)
2016-17 – Readinghauzen (Germaniýa)
2017-18 – “Stal Mielek” (Polşa)
2018-19 – Taýçi (Polşa)
2019 – “Kedah” (Malaýziýa)
2019-20 – “Abahani Limited” (Bangladeş)
2020 – “Dordoý” (Bişkek, Gyrgyzystan)