istiklol
afc istiklol

Türkmenistanyň futbol çempiony «Altyn asyryň» AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryndaky esasy bäsdeşi ― Täjigistanyň «Istikloly» Özbegistanyň Sogdy welaýatynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer. Munuň baş sebäbi bolsa toparyň tälimçileriniň we futbolçylarynyň özbek garşydaşlaryny ýakyndan tanamagy bilen baglydyr.

Çünki «Istiklol» Täjigistanyň çempiony hökmünde ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga synanyşar. Toparyň garşydaşy bolsa düzüminde Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow hem oýnaýan «Lokomotiw».

Okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde «Istiklolyň» Özbegistanyň Superligasynyň iki wekili ― «Kukon-1912» we «Pahtakor» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar. Täjik wekili bu toparlaryň ilkinjisi bilen 9-njy, ikinjisi bilen 13-nji ýanwarda duşuşar.

istiklol altynasyr
afc altyn asyr istiklol

«Istiklol» bilen «Lokomotiwiň» arasynda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrdaky duşuşyk 21-nji ýanwarda Daşkent şäherinde bolar. Bu jübütleriň ýeňijisi 28-nji ýanwarda Saud Arabystanynda ýerli «Al-Ahli» bilen duşuşar.