Täjigistanyň çempiony Duşenbäniň “Istiklol” topry düýn myhmançylykda Saud Arabystanyň “Al-ahli” topary bilen duşuşdy. Azia çempionlar ligasynyň toparçalaýyn basgyjyna ýollanma berýän bu oýunda 90+1 däki (11 meterlik jerime urgydan) gol esasynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Şeýlelikde “Istoklol” ýene ýaryşy AFK nyň kubagyny almak ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn basgyjyndan dowam etmeli boldy. Toparçada eýýäm oňa köne tanyşlary “Dordoý” we “Altyn Asyr” garaşyp dur. Bu toparçada çykyş etmeli dördinji topar bolsa Gyrgyzystanyň “Nebitçi”, Türkmenistanyň “Ahal” we Täjigistanyň “Hužant” toparlarynyň arasynda kesgitlener.