“France Football” neşiri 2020-nji ýylda koronowirus pandemiýasy sebäpli 1956-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän örän täsirli dabaranyň geçirilmejekdigini, ýagny “Altyn top” baýragynyň berilmejekdigini habar berdi.

Neşir käbir ýurtlarda uzak arakesmäniň we möwsümiň wagtyndan öň tamamlanmagynyň dalaşgärlere obýektiw baha bermäge mümkinçilik bermeýändigini beýan edýär. Bu barada žurnalyň “Twitter” hasabynda-da bellendi. Diýmek, 2020-nji ýylda abraýly şahsy baýragy gowşurmagyň taryhynda ilkinji gezek “Altyn top” ýeňijisi yglan edilmez.

Geçen ýyl Barselonanyň kapitany Lionel Messi altynjy gezek “Altyn top” baýragyna mynasyp boldy.