Altymyrat Annadurdyýew, Türkmenistanyň 2020-nji ýyldaky futbol çempionatynda iň köp pökgi geçirenleriň sanawynda öňde barýar.

On dört tapgyrdan soň, Türkmenistan çempionatynda iň üstünlikli oýunçylaryň sanawynda “Altyn Asyryň” hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew ýolbaşçylyk edýär. 15 pökgi toplap, “Ahally” Elman Tagaýewden 8 gol öňde. “Şagadamyň”  ýarymgoragçysy Yhlas Magtymowyň 6 goly bar.

Türkmenistan futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň 17-nji iýunda, 7-nji we 10-njy tapgyryň yza süýşürilen iki oýny bilen tamamlanar:

“Aşgabat” – “Ahal” we “Altyn Asyr” – “Şagadam”. Şondan soň toparlar tomus dynç alyşyna çykarlar.