Angliýanyň futbol çempionatynyň 34-nji tapgyrynda “Arsenal” bilen “Lester” oýny 1:1 hasabynda tamamladylar.

“Arsenal” üçin Pýer-Emerik Obameýang (21-nji minut), “Lester” üçin bolsa Jeými Ward (84-nji minut) pökgi geçirdi. Futbol duşuşygynyň 75-nji minutynda bellenen wagtdan dört minut öň gelen “Arsenalyň” futbolçysy Enward Nketia oýundan aýryldy.

Ýaryş meýilnamasynda “Arsenal” 50 utuk (oçko) bilen ýedinji, “Lester” 59 utuk (oçko) bilen dördünji orunda barýar.

Şu ýylyň 12-nji iýulynda boljak indiki tapgyrda “Arsenal” garşydaşynyň meýdançasynda “Tottemhem” bile, “Lester” bolsa “Bornmut” bilen duşuşar.