Arslanmyrat Amanow
Arslanmyrat Amanow

Düýn Özbegistanyň Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary “Surhon” bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 3:1 hasabynda Almalyk şäheriniň toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Arslanmyrat Amanow
Arslanmyrat Amanow

Ýeňiji toparyň üçünji pökgüsini biziň ildeşimiz, Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow geçirdi. Duşuşygyň ikinji ýarymynda oýna giren ildeşimiz 53-nji minutda tapawutlanyp, AGMK-daky ikinji möwsüminde ilkinji goluny geçirdi.

Şeýlelikde, ol täze topara goşulan gününiň ertirligi tapawutlanyp, almalykly futbol janköýerleriniň söýgüsini gazandy.Arslanmyrat Amanow

AGMK üçünji okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny Birleşen Arap Emirliklerinde geçirer. Toparyň 2-nji fewralda Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar.