«Championat.asia» saýty Özbegistanyň Superligasynda çykyş edýän toparlaryň arasynda ortaça ýaş boýunça sanaw düzdi.

Bu sanawa görä, düzüminde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow çykyş edýän AGMK möwsümdäki iň «ýaşuly» topar boldy. Toparda ortaça ýaş 29,6-dyr. Türkmenistanly ýarym goragçynyň şu ýyl 30 ýaşandygyny ýatladýarys.

Ildeşimiz Täçmyrat Agamyradowyň tälim berýän, türkmenistanly futbolçylar Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimowyň çykyş edýän «Kyzylkumy» sanawyň ýedinji basgançagynda. Toparyň ortaça ýaşy 27,3.

Şeýle hem sanawda Didar Durdyýewiň çykyş edýän «Maşaly» 12-nji (25,5 ýaş), Selim Nurmyradowyň «Bunýodkory» bolsa 13-nji (25,1) ýaş.

14 toparlyk sanawy ortaça 23,7 ýaş bilen «Nasaf» jemleýär.