Daşkendiň «Lokomotiw» futbol toparynyň türkmenistanly ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow Özbegistanyň çempionatynyň tamamlanan möwsüminde iň gowy daşary ýurtly futbolçylardan düzülen düzüme goşuldy. Bu barada ýurduň öňdebaryjy sport saýtlarynyň biri bolan «Championat.asia» habar berýär.

«Turkmenportalda» ýazylyşy ýaly, tamamlanan möwsümde 29 ýaşly ýaşly türkmenistanly futbolçy topary bilen 23 duşuşyga gatnaşdy. Ol 1515 minut meýdanda galyp, dört gezek tapawutlandy, alty gezek gol pasyny berdi. Ildeşimiz Özbegistanyň çempionatyndaky gollaryny «Pahtakoryň», «Buharanyň», «Surhanyň» we «Bunýadkoryň» derwezelerine girizdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň kapitanynyň özbek kluby bilen şu ýylyň fewral aýynda şertnama baglaşandygyny we onuň topary bilen tamamlanan möwsümde kümüş medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.