Artur GEWORKÝAN– mil­li fut­bol çem­pio­na­ty­myz­da çy­kyş ed­ýän, äh­li oý­nan to­par­la­ryn­da uzak ara­lyk­dan
bel­len­ýän je­ri­me ur­gu­la­ry­nyň us­sa­dy hök­mün­de ta­nal­ýan iň tej­ri­be­li oýun­çy­la­ryň bi­ri. Futbol boýunça Türkmenistanyñ mil­li ýygyn­dy­my­zyň
hemde «Ahal» futbol to­pa­ry­nyň ýarym goragçysy Artur Geworkýan bilen, Balkan welaýatyndan jurnalist Hezret Hojagulyýew “Sanly Ulgam” arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlik “Türkmen Sporty” metbugat gazetinde çap edildi. Biz hem şol söhbetdeşligi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

–Ar­tur, il­ki bi­len dog­lan, okan,
fut­bo­la ga­dam ba­san dö­wür­le­riň
ba­ra­da aý­daý­sa­ňyz?

– Men 1984-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da do­gul-
dym. 18-nji or­ta mek­dep­de okap, bi­lim
al­dym. Ýe­di ýa­şym­da­kam hem sport
mek­de­bin­de fut­bol­dan tä­lim alyp ug­ra-
dym.Il­kin­ji ha­ly­pa­mam Bo­ris Osi­po­wiç
Gri­gor­ýan bol­dy.

– Çem­pio­na­ty­my­zyň ýo­ka­ry
li­ga­syn­da çy­kyş et­mä­ge ha­çan
müm­kin­çi­lik al­dy­ňyz? Bu li­ga-
da­ky il­kin­ji go­lu­ňyz ýa­dy­ňy­za
düş­ýär­mi?

–Dog­ru­sy, il­kin­ji go­lum-a ýa­dy­ma
dü­şe­nok. 17 ýa­şym­da­kam Aş­ga­ba­dyň
«Ni­sa» to­pa­ry­nyň dü­zü­min­de ýo­ka­ry
li­ga­da oý­nap baş­la­dym. As­lyn­da men 10
ýa­şym­dan şu to­pa­ryň ça­ga­lar dü­zü­miniň ha­ta­ry­na go­şul­dym.

–Ar­tur, pro­fes­sio­nalfut­bol ýoluň­da haý­sy to­par­lar­da ha­çan
we haý­sy tä­lim­çi­le­riň ha­ly­pa­lyk
et­mek­le­rin­de çy­kyş eden­li­giň, elbet­de, oky­jy­la­ry gy­zyk­lan­dyr­ýan
esasy mag­lu­mat­lar!

– 2000 – 2002-nji ýyl­lar­da «Ni­sa­da»,
2003 – 2004-nji ýyl­lar­da Türk­men­ba-
şy­nyň «Şa­ga­da­myn­da», 2005-nji ýyl­da
Ga­za­gys­ta­nyň «Ýe­sil-Bo­ga­tyr» topa­ryn­da, 2006 – 2009-njy ýyl­lar­da
Öz­be­gis­ta­nyň «Şur­tan», 2010-njy
ýyl­da «Pah­ta­kor», 2011 – 2015-
nji ýyl­lar­da «Na­saf», 2016-njy ýyl­da
«Lo­ko­mo­tiw», 2017 – 2018-nji ýyl­lar­da
«Ky­zyl­kum» to­par­la­ryn­da, ge­çen ýyl
In­do­ne­zi­ýa­nyň «Per­sib Ban­dung»
to­pa­ryn­da çy­kyş et­dim. Bil­şi­ňiz ýa­ly,
hä­zi­rem «Ahal­da» oý­na­ýa­ryn.
El­bet­de, ma­ňa en­çe­me go­wy tälim­çi­ler bi­len iş­leş­mek mi­ýes­ser et­di.
Şo­lar­dan «Na­saf­da» oý­na­nym­da ha­lypa­lyk eden Ana­to­liý Dem­ýa­nen­ko bi­len
Ru­zy­kul Ber­di­ýe­wi aý­ra­tyn ag­za­sym gelýär. Se­bä­bi fut­bol ýo­lum­da hut şo­la­ryň
ta­gal­la­sy bi­len köp zat­la­ry öw­ren­dim.

–Ag­zan to­par­la­ryňyz­da nä­çe gol
ge­çir­di­ňiz?

– Gol­la­ry­myň äh­li­si­niň jikme-jik ha­sa­by­ny ýö­re­de­mok. Ýö­ne 2006
– 2018-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da, ýag­ny
öz­bek çem­pio­na­tyn­da çy­kyş ede­nim­de
«Şur­ta­nyň» dü­zü­min­de 24, «Pah­ta­korda» 2, «Na­saf­da» 64, «Lo­ko­mo­tiw­de» 1,
«Ky­zyl­kum­da» 9, je­mi 100 gol ge­çi­ren­ligi­mi, dog­ru­sy, özü­mem in­ter­net ul­ga­my
ar­ka­ly bil­dim. Ýö­ne gol­la­ry­myň äh­li­si­ni
to­par­daş­la­ry­myň uly ýar­da­my bi­len
ge­çi­ren­di­gi­mi giz­läp dur­ma­ýyn.

–Gat­na­şan hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ňyz
ha­kyn­da nä­me­le­ri aý­dyp bil­jek? Bu
ba­bat­da iň uly üs­tün­li­gi­ňiz?

– Men ýur­du­my­zyň ýaş­lar we mil­li
ýy­gyn­dy­la­ry bi­le­nem hal­ka­ra ýa­ryşla­ryn­da çy­kyş et­dim. Öz­bek to­par­la­ry
bi­len bol­sa Azi­ýa­nyň Çem­pion­lar li­gasyn­da we AFK-nyň Ku­bo­gy ug­run­da­ky
ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak mi­ýes­ser et­di. Halka­ra ýa­ryş­la­ryn­da­ky iň uly üs­tün­li­gim
hök­mün­de bol­sa 2011-nji ýyl­da «Na­saf»
bi­len AFK-nyň Ku­bo­gy­ny eýe­le­me­gi­mi
gör­ke­zip bi­le­rin. Men bu ýa­ryş­da 4 gol
ge­çi­ripdim, fi­nal­da-da Ku­weý­tiň «Al-Kuweýt» to­pa­ry­ny 2:1 ha­sa­byn­da ýe­ňip­dik.

– Dur­mu­şyň­da­ky iň mö­hüm oýnuň we go­luň?

– Iň mö­hüm oý­num – AFK-nyň Kubo­gy­nyň fi­na­ly. Gol ha­kyn­da aý­dy­lan­da
bol­sa, fut­bol­çy üçin ola­ryň hem­me­side
mö­hüm­mi­kä diý­ýä­rin.

– Siz AFK-nyňKu­bo­gy­ny eýe­läni­ňiz­de şol ýyl ýa­ry­şyň iň go­wy
oýun­çy­sy diý­lip yg­lan edil­di­ňiz.
Hut şu ýa­ryş ha­kyn­da nä­me aýdyp bi­ler­si­ňiz?

– El­bet­de, AFK-nyň Ku­bo­gy
is­len­dik hal­ka­ra ýa­ry­şy ýa­ly örän
tä­sir­li bäs­le­şik.Hem­me döw­let­leriň öň­de­ba­ry­jy to­par­la­ry öza­ra
du­şuş­ýar­lar we öz güýjü­ňi, öz go­wy
ta­rap­lary­ňy
gar­şydaş­la­ryňky bi­len
de­ňeş­di­rip
gör­mek diý­seň
gy­zyk­ly. Ha­çanda,
ýe­ňe­niň­de bol­sa,
el­bet­de, iň ýa­kym­ly
duý­gu­la­ry baş­dan
ge­çir­ýär­siň.

– Mil­li ýy­gyndy­my­zyň
dü­zü­min­de
ge­çi­ren
du­şuşyk­la­ryň we gol­la­ryň ha­kynda bil­me­gem gy­zyk­ly.

– Ýur­du­my­zyň esa­sy to­pa­ry­nyň
ha­ta­ryn­da hä­zi­re çen­li 19 ge­zek meýdan­ça çy­kyp, üç sa­par ta­pa­wut­lan­mak
ne­si­bäm­de eken. 2007-nji ýy­lyň 28-nji
okt­ýab­ryn­da Kam­bo­ja­nyň mil­li ýy­gyndy­sy­nyň gar­şy­sy­na ge­çi­ri­len oý­nuň
46-njy mi­nu­tyn­da, ha­sap 1:1 bo­lup durka meý­dan­ça gi­rip, to­pa­ry­my­zyň ikin­ji,
üçün­ji gol­la­ry­ny ge­çir­mek ba­şart­dy. Biz
şon­da 4:1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dyk.
2015-nji ýy­lyň 17-nji no­ýab­ryn­da bol­sa
Oma­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň der­weze­si­ne uzak ara­lyk­dan bel­le­nen je­ri­me
ur­gu­syn­dan gol ge­çi­rip, Türk­me­nis­ta­ny
1:0 ha­sa­byn­da öňe saý­la­dym. Ýy­gyn­dymyz bu oýun­da 2:1 ha­sa­byn­da utup­dy.

–Ar­tur, siz köp ýyl­lap da­şa­ry
ýurt­la­ryň çem­pio­nat­la­ryn­da
çy­kyş edip, dün­ýä­niň on­lar­ça
ýur­du­nyň aja­ýyp sta­dion­la­ryn­da
fut­bol oý­na­dy­ňyz. Si­ziň ar­zu­wyňyz ha­syl bol­du­my?

– Me­niň pi­ki­rim­çe, ha­wa, men fut­bol
ýo­lum­dan ra­zy.

– Da­şa­ry ýurt­da oý­na­ma­ga ilkin­ji sa­par ça­ky­lyk ala­ny­ňyz­da
ba­da-bat ra­zy bol­du­ňyz­my ýa-da
kim­dir bi­ri bi­len mas­la­hat­laş­dyňyz­my?

–Ha­çanda, il­kin­ji ge­zek Ga­zagys­tan­dan ça­ky­lyk ge­le­nin­de men
ikir­jiň­len­män ýol şa­ýy­my tut­mak bi­len
bol­dum. Dog­ru­sy, maş­ga­la­myz­dan
baş­ga mas­la­hat­la­şa­ra adam ýok di­ýen
ýa­ly­dy. On­so­ňam beý­le müm­kin­çilik­ler seý­rek dö­re­ýär.

– Si­ze ça­ky­lyk ibe­ril­me­gi­ne sebäp bo­lan adam bar­dyrla?

– El­bet­de, bu ugur­da Omar
Ber­di­ýe­wiň ýar­da­my köp
bol­dy. Se­bä­bi ol şol wagt­lar
«Ýe­sil-Bo­ga­tyr» to­pa­rynda çy­kyş ed­ýär­di we
ol ma­ňa köp ba­bat­da
kö­mek et­di. Me­niň
fut­bol ýo­lum­da
üs­tün­lik­le­re ýetme­gim­de iň esa­sy zat
bol­sa maş­ga­la­my­zyň eden
kö­me­gi we gol­da­wy bol­dy.

– Ýog­sada, Ge­work­ýan­la­ryň
fut­bol ýo­ly do­wam eder­mi?

– Me­niň üç og­lum bar, iki­si
fut­bol bi­len meş­gul­lan­ýar, diý­mek,
do­wam eder.

–Ar­tur, söh­bet­deş­lik üçin köp-
köp sag bo­luň. Dur­muş­da-da,fut­bol
ýo­luň­da-da di­ňe şow­lu­lykwe üs­tünlik ar­zuw ed­ýä­ris!

– Sag bo­luň!