Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty, Medeniýet ministrlikleri, Futbol federasiýasy, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan paýtagtymyzdaky «Berkarar» söwda dynç-alyş merkezinde geçirilen dabara 2020-nji ýylyň gyşy bilen baharynyň sepgidinde Aşgabatda boljak futzal boýunça Aziýa çempionatyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, dabara ildeşlerimiziň arasynda yklym çempionatyny mahabatlandyrmak maksady bilen geçirildi.

Baýramçylyk ruhunda geçen dabara Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary uly höwes bilen gatnaşdylar. Esasanam, çagalar we ýaşlar has köp geldi.

Geçirilen şadyýan bäsleşikler bu dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Şeýle mahabatlandyryş işleriniň geçirilmegi, dürli ýaşdaky raýatlary köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmekde uly ähmiýete eýedir.

Futzal boýunça 16-njy Aziýa çempionaty 2020-nji ýylyň 26-njy fewraly ― 8-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Bu ýaryşa taýýarlygyň çäginde futzal boýunça milli ýygyndymyz Horwatiýada geçirilen halkara ýaryşa gatnaşyp, güýçli ýygyndylaryň ençemesinden üstün çykdylar.