Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirdiler. «Lapis Lazuli» halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») ugry boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew transkontinental üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin we halkara söwda–ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigini bellediler. Dowamyny okamak üçin basyň