«Olimp» orta sport mekdebine 2020 – 2021-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden okuwa girmäge isleg bildirýän 2006 – 2007-nji ýyllarda doglup, häzirki wagtda 7-nji synpy tamamlan (2013-nji ýylda 6 we 7 ýaşdan 1-nji synpa okuwa kabul edilen) okuwçylar sportyň:

* basketbol,

* futbol,

* grek-rim göreşi,

* erkin göreş,

* dzýudo göreşi,

* agyr atletika,

* boks

* ýeňil atletika görnüşleri boýunça kabul edilýär. Bu sport mekdebine girmek isleýän  okuwçylaryň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy şu aşakdakylardyr:

  1. Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
  2. Maglumat, üç arkasy barada maglumat (elektron görnüşde aýratyn tabşyrmaly);
  3. Dogluş hakynda şahadatnamanyň göçürmesi (3 sany nusga);
  4. Ata-enesiniň ýa-da onuň ornuny tutýan raýatyň pasportynyň göçürmesi;
  5. Yaşaýan ýerinden kepilnama (Forma № 3);
  6. Okaýan mekdebinden ýetişigi barada şahsy jiltiniň göçürmesi we göçürmäniň dogrudygy barada mekdep direktorynyň goly bilen möhri basylan bolmaly, şol synpda okaýandygy barada kepilnama we häsiýetnama;
  7. Saglygy barada kepilnama – forma 026 görnüşinde;
  8. Saglygy barada kepilnama – forma 063 görnüşinde:
  9. Döş kapasasynyň rentgenoskopiýasy we lukmanyň netijesi;
  10. Ganyň topary we rezus-faktory;
  11. Ganyň we peşewiň umumy barlagynyň netijesi;
  12. EKG barlagy we barlagyň netijesi.
  13. Inçe kesel, psih we deri dispanserlerinden kepilnama;
  14. EFIOKG barlagy (ýürek);
  15. Türgenleşýän sport görnüşinden sport derejesi baradaky hasap kitapçasy;
  16. Çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň hödürnamasy;
  17. 9 sany 3×4 ölçeginde surat.

Okuwa girmäge isleg bildiren okuwçylaryň resminamalary 2020-nji ýylyň 1 – 20-nji iýuly aralygynda ýokarda görkezilen sport görnüşleri boýunça Aşgabat şäherinde – «Olimp» orta sport mekdebinde kabul edilýär. Okuwçylaryň medisina barlagy, synag esasynda saýlap almak bäsleşigi 2020-nji ýylyň 22 – 28-nji iýuly aralygynda geçirilýär. «Olimp» orta sport mekdebiniň salgysy: Aşgabat şäheriniň A. Garryýew köçesiniň 78-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 34-66-36, 34-66-15