Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagynda sport mekdepleriniň 16-sy hem-de Büzmeýin etrabynda ýerleşýän 10 müň orunlyk Köpugurly sport toplumy, 1500 orunlyk Gökje sport desgasy hem-de Täze zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumy hereket edýär. Baş müdirligiň garamagyndaky mekdeplerde sportuň 42 görnüşi hereket edip, şolaryň 25-si olimpiýa görnüşleridir. Sport mekdeplerinde türgenleriň ýaş aýratynlyklaryna görä 694 topar iş alyp barýar.

Şu ýylyň birinji ýarymynda sportuň görnüşleri boýunça geçirilen Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň garamagyndaky sport mekdepleriniň birinjilikleriniň sanynyň 164-e ýetmegi hem-de olara 5688 türgeniň gatnaşmagy işleriň tassyklanan ýyllyk meýilnama esasynda amala aşyrylýandygyny äşgär edýär. Sportuň dürli görnüşleri boýunça Aşgabat şäheriniň birinjilikleriniň we çempionatlarynyň 129-sy guraldy. 3378 türgen bu ýaryşlarda güýjüni synamaga mümkinçilik aldy. Alty aýyň dowamynda Baş müdirligiň türgenleriniň 936-sy Türkmenistanyň çempionatlarynyň, birinjilikleriniň hem-de kuboklarynyň 56-syna gatnaşyp, baýrakly orunlaryň 438-sine (ýekeleýin we toparlaýyn) mynasyp boldular.