2020-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek halkara ýaryşlaryň üstüne ýene-de biri goşuldy. Futzal boýunça Aziýa çempionatyndan, sambo boýunça dünýä çempionatyndan daşary indiki ýylyň 8 ― 14-nji iýuny aralygynda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde tennis boýunça iň abraýly halkara ýaryşyň ― Dewisiň kubogynyň bir tapgyry geçiriler.

Bu barada ýakynda Halkara Tennis federasiýasynyň (ITF) gelen kararynda we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginde ýylyň 11 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda aýdyldy.

Ýakynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow ITF-iň halkara iş toparynyň wekiliýetine saýlanyldy. Türkmen federasiýasynyň we ITF-iň barha berkeýän hyzmatdaşlyklarynyň netijesinde Dewisiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa ýolagynyň dördünji toparynyň duşuşyklaryny Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçirmek baradaky karara gelindi.

Indiki ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiriljek halkara tennis ýaryşyna 17 döwletiň türgenleri gatnaşar. Şeýle iri ýaryşyň geçirilmegi türkmen tennisçileri üçin hem ajaýyp tejribe mekdebi bolar.