Associazione Calcio Milan ýa-da “Milan” diýlip atlandyrylýan “AC Milan”, Milan şäherinde döredilen A Seriýada ýaryşýan Italýan professional futbol toparydyr. “Milan” 1899-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Angliýanyň Nottingem şäherinden Milana gelen iki iňlis Alfred Eduard we Herbert Kilpin tarapyndan “Milan Kriket” we “Futbol” kluby ady bilen döredildi. Milanda konsullygyň kömekçisi bolup işlän we Milanlylar tarapyndan tanalýan Alfred Eduard klubyň ilkinji prezidenti boldy. Döredilen ilkinji ýyllarynda klub Edward Berranyň ýolbaşçylygyndaky kriket şahamçasyndan we Deýwid Allisonyň ýolbaşçylygyndaky futbol bölüminden ybaratdy.

1908-nji ýylda “Milan” daşary ýurtly oýunçylar bilen şertnama baglaşmak ya-da baglaşmazlyk üçin, klub içinde dawa-jenjel boldy. Bu bölünişigiň netijesinde daşary ýurtly oýunçylaryň transfer edilmegini tassyklaýan partiýa, Milanda ýerleşýän “Internazionale” toparyny döretdi. 1919-njy ýylda klubyň ady “Milan futbol kluby”na öwrüldi. 1938-nji ýylda faşistik režimiň basyşy sebäpli Associazione Calcio Milano hökmünde klub üýtgedi, we günümüze çenlide “AC Milan” ady bilen gelmektedir

Milan, dünýä futbolynyň iň üstünlikli klublarynyň biridir, UEFA we FIFA tarapyndan gurnalan ýaryşlarda 18 halkara kubok gazanmagy başardy. Milan ozal kontinentara kubogy diýlip atlandyrylýan we häzirki wagtda FIFA klub dünýä çempionaty hökmünde gurnalan kubogy dört gezek  gazanyp, bu ugurda rekord goýdy. Mundan başga-da, Çempionlar ligasynda ýedi çempionlyk bilen Real Madridden soň ikinji üstünlikli topar boldy. Beýleki tarapdan, bäş gezek UEFA Super kubogyny (bu ugurdaky rekord) we iki gezek UEFA kubogynyň ýeňijileriniň kubogyny almagy başardy. Milan      Ýewropa ligasyndan başga ähli halkara ýaryşlarda-da Milan çempion boldy. Milli derejede, Juventusdan soň, A Seriýada 18 çempionlyk bilen ikinji üstünlikli futbol klubydyr. Mundan başga-da, “Coppa Italia”-ny 5 gezek, “Supercoppa Italia”-ny 5 gezek eýelemegi başaran topardyr.

Iň uly garşydaş hasaplanýan we “Derbi della Madonnina” ady bilen tanalýan “Milan” bilen “Internazionale” arasynda geçirilen oýunlar dünýä futbolynyň iň möhüm derbi oýunlary hasaplanýar.

Klubyň eýesi Italiýanyň öňki premýer-ministri Silwio Berluskoni we wise-prezidenti Adriano Galliani. Iň baý futbol klublaryndan biri bolan Milan, Italiýanyň we dünýä futbolynyň iň gymmatly klublaryndan biridir.

2006-njy ýylda bäş topara, bir oýny öz peýdasyna gönükdirendigi üçin eminlere para bermekde aýyplama bildirildi. “Calciopoli skandal” diýlip atlandyrylýan bu çärä gatnaşan toparlaryň biri Milan. Derňewiň netijesinde Milana liganyň başynda 15 oçkony pozmak we şonuň üçin Çempionlar ligasyna gatnaşyp bilmezlik jezasy berildi. Şeýle-de bolsa, “Milan” kluby höküme şikaýat etmek üçin kazyýete ýüz tutdy we öçürilen ballaryň sany 8-e çenli azaldyldy we 2006-07 Çempionlar ligasyna gatnaşmaga rugsat berildi. Milan bu 2006-07 möwsüminde, Çempionlar ligasyny gazandy. Bu dawa wagtynda Milanyň iň möhüm garşydaşy “Internazionale” dört gezek ligada çempion boldy. 2010-11 möwsüminde topara alynan, Zlatan Ibrahimowiç, Robinho we Aleksandr Pato ýaly möhüm oýunçylar bilen, topar ligada soňky çempionlygyny gazandy.

Klubyň reňkleri tutuş taryhynda gyzyl we gara bolup galdy. Gyzyl reňk oýunçylaryň gazaply açgözligini we garşydaşlaryň gorkusyny görkezmek üçin gara reňk saýlandy. Diavolo (Şeýtan) klubyň reňklerinden alnan başga bir lakamdyr.

Toparyň häzirki stadiony 80,018 orunlyk San Siro. Stadionyň resmi ady “Stadio Juzeppe Meazza”, Milanda we Internazionale-da oýnan Juzeppe Meazza bagyşlanýar. San Siro ady stadionyň ýerleşýän etrabyndan gelýär. Stad Milanonyň beýleki uly kluby “Internazionale” bilen paýlaşylýar.

 

Seyitmuhommet Jumadurdyýew