(«Türkmensporty.com» web saýtynda 06 – 07.07.2020-nji ýyl senesinde  goýlan «Beýik Ynsanyň sport dünýäsi – sagdyn durmuşyň binýady» atly makalanyň dowamy)

«Ata kesbi – ogla halal», «Ata dünýäsi – ogla gönezlik» diýen parasatly atalar sözünden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň: «Men özüm üçin çendenaşa mähriban we ýakyn, ýöne meni görüp bilmedik adamyň agtygy bolanyma biçak buýsanýaryn. Bütin ömrüme men özümi atama deňedim hem-de hemme mesele babatda oňa meňzemäge çalyşdym.»[1] – diýen ajaýyp jümleleriniň wysalyny biz özümiziň gündelik durmuşymyzda görýäris. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýaş nesliň sagdynlygyna aýratyn üns berilmegi, mekdep maksatnamasyna bedenterbiýe dersiniň girizilmegi, ýaş-ýetginjekleriň sport bilen meşgullanmaga höweslendirilmegi, has kämilleşmekleri we ussatlardan ýeterlik tälim almagy üçin sport mekdepleriniň giň gerim bilen gurulmagy hem bu sözlerimiziň aýdyň güwäsidir. Diňe bir paýtagtymyzda däl, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, oba-şäherlerinde ulanylmaga berlen we gurluşygy dowam edýän sport desgalar sanardan kän. Mundan başga-da, ynsan saglygyny hemme zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda hereket edýän şypahanalaryň durky düýpli täzelenip, döwrebap görnüşe getirildi we raýatlarymyzyň saglyklaryny bejerdip, rahat dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredildi. Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlaryna degişli täze gurlup ulanylmaga berlen halkara bejeriş merkezleriniň sany hem sanardan kän. Ýurdumyzyň sport we saglygy goraýyş ulgamynyň şeýle ýokary derejedäki ösmeginde  milli Lidermiziň peşgeş beren «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan – sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistan – sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy», «Türkmenistan – melhemler mekany», «Saglyk – bagtyýarlykdan başlanýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitaplarynyň, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly 11 tomluk kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Diýmek, hormatly Prezidentimiz hem mähriban atasy ýaly ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň ähmiýetini wagyz edip, sport bilen meşgullanyp, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde şu günki nesle özüniň nusga alarlyk şahsy görledesini görkezýär, sport enjamlarynda türgenleşik işlerini geçmekligiň inçe tilsimlerini öwredýär. Şonuň üçin hem, milli Lidermiz biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir[2]..

Toýly Jänädow

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýşy

 

[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Älem içre at gezer. A.:, TDNG. 2011. 4-nji sahypa.

[2] Toýly Jänädow. Nusgalyk mekdebi. “Nebit-gaz” gazetiniň 2017-nji 14-nji fewralyndaky sany. 5-nji sahypa