1989-njy ýylda Balkanabatda doglan we heniz bäş ýaşyndaka maşgalasy bilen Russiýa göçüp giden ildeşimiz Azat Baýryýew FNL-iň geçen möwsüminiň nusgalyk düzümine girizildi. Bu barada «Turkmenportal» Germaniýanyň «Tranfermarkt» portalyna salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanly merkezi goragçy hem goragdaky ygtybarlylygy, hem-de liderlik ukyby bilen geçen möwsümde «Rotoryň» FNL-de çempion bolmagyna uly goşant goşdy. Hatda ol 23 duşuşykda 4 gezek tapawutlanmagy hem başardy.

31 ýaşly futbolçynyň karýerasynda «Kuban», «Salýut», «Dinamo» Brýansk, «Alaniýa», «SKA-Energiýa», «Zenit» Penzen, «Wolgar» ýaly toparlarda çykyş edendigini ýatladýarys.​ ​