2027-nji ýylyň Aziýa kubogy  haýsy ýurtda geçirilerkä?!

Bu barada AFK-nyň – Aziýa olimpiýa geňeşiniň resmi saýtynda hem giňişleýin beýan edilýär.

Özbegistanyň Taşkilot saýtynda ýazylyşyna görä, şu ýylyň 30-njy iýunynda 2027-nji ýylyň Aziýa kubogy sport ýaryşy üçin dalaşgärleriň arzasy kabul edildi. Netijede, Hindistan, Eýran, Katar, Saud Arabystany we Özbegistan bu iri sport ýaryşyny öz ýurtlarynda geçirmekligi maksat edinýän dalaşgärler hökmünde arza berdiler.

Dalaşgärleriň teklipleri we  ýagdaýy  bir ýylyň dowamynda öwrenilip, belli bir netijä gelner we 2021-nji ýylda Aziýa olimpiýa geňeşi “Aziýa kubogy – 2027” sport oýnunyň haýsy ýurtda geçiriljekdigini mälim eder.