Kuweýt. Aziýa Olimpiýa Geňeşi (OCA) 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Hytaýyň günortasyndaky Şantouda üçünji Aziýa ýaşlar oýunlarynyň geçirjekdigini tassyklady.

Bu oýunlar birinji gezek 2011-nji ýylda Singapurda, soňkusy bolsa bolsa 2013-nji ýylda Hytaýyň Nanjing şäherinde geçirilipdi. Indiki ýylyň 20—28-nji noýabrynda bolsa 3-nji Aziýa ýaşlar oýunlaryny ýene-de Hytaýda geçirmeklik meýilleşdirilýär.

OCA-nyň baş müdiri Huseýn Al Musallam AFK-a ýazan hatynda: «Gaty izolýasiýa syýasatynyň bardygyna garamazdan, OCA Aziýa oýunlarynyň dürli guramaçylyk komitetleri bilen işini dowam etdirýär we Aziýa oýunlarynyň dürli guramaçylyk komitetleri bilen aragatnaşyk saklaýar» diýlip bellenilýär.

«Şunuň bilen baglylykda, OCA 3-nji Aziýa ýaşlar oýunlarynyň Şantou (SAYGOC) guramaçylyk komiteti bilen bilelikde oýunlaryň senesini 2021-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 28-nji noýabry aralygynda diýip kesgitledi. Bu gezek futbol hem ýaryşlaryň maksatnamasyna girizildi» diýlip, hatda aýdylýar.