Zenitiň» hem-de Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi Serdar Azmun oýnuny Italiýanyň çempionatynda dowam etdirmegi mümkin. Bu barada TodoFichajese salgylanmak bilen, Чемпионат.com habar berýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, «Napoli» tomusda eýranly 25 ýaşly futbolçyny almaga gyzyklanma bildirýär. Italýan kluby eýýäm bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin «Zenitiň» wekilleri bilen habarlaşypdyrlar. Peterburg klubynyň Azmunyň geçmegi üçin 25 million ýewro baha kesendigi hem habar berilýär.

Azmun Pterburgyň «Zenitine» 2019-njy ýylda Kazanyň «Rubininden» geçipdi. Ondan ozal eýranly hüjümçi «Rostowyň» düzüminde oýnapdy, 2014-nji ýyldan bäri bolsa Eýranyň ýygyndy toparynda çykyş edýär. Şu ýylky möwsümde Serdar Russiýanyň Premýer-Ligasynyň 21 oýnuna gatnaşdy, şonda 10 pökgini geçirdi. Onuň beren 6 pökgisini oýunçylar garşydaşlarynyň derwezesine salmagy başardylar.