Ýaşanyňa juda degýän bu dünýäde kalbyň pikirleriniň endigine öwrülen ynam bilen ýaşamak düşünjesi ynsany hiç bir pursatda hem ýeke goýmaýar. Esasy zat özüňe ynamly bolmak. Öz oý-hyýallaryň çyrpynyp duran ummanyň ýekeje damjasyça-da ýoklugyna düşünseň-de, ony ynam bilen gulaçlap ýüzmek gerek. Ynsan her bir äden ädimini ätmekden ötri, onuň özüniň ruhy dünýäsine nähili täsir edýänligi hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşaýar. Wagty geler, ol ynam seni umman tolkunlary bilen joşuryp, kalbyňy heýjana salýan bagtly adalara alyp gider… Diýip Serhetabat-Dowletabat saýtyna beren interwýusynda bellap geçdi

«Men ýeňmeli! Hökman ýeňmeli! Ata Watanymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň, mähriban halkymyzyň biz türgenlere bolan uly ynamynyň hormatyna ýaşyl Tugumyzy hemişe belende galdyrmaly» diýen buýsançly sözleri ýüreginiň senasy hasaplaýan futzal boýunça Türkmenistanyň çempiony leýtenant Bagtygül Gurbanowa hem özüne bildirilen uly ynamy ödemek üçin irginsiz türgenleşýär.

Tälimçi, ilki bilen, Bagtygüle ilkinji giriş maşklarynyň ýerine ýetirilişini öwredip, topy dogry saklamagy, dogry depmegi, urgulary dogry hem dürs geçirmegi öwredýär. Bagtygül tälimçisiniň öwreden urgularyny içgin öwrenip, gün-günden kämilleşip başlaýar.Toparynyň arasynda geçirilýän ýaryşlara-da dowamly gatnaşyp, beýleki türgenlerden tapawutlanyp, öňe saýlanýar, ýurdumyzda geçirilýän dürli ýaryşlara gatnaşyp, toparynyň ýeňiş gazanmagyna saldamly goşant goşýar.

Türgen zenanymyzyň ilkinji halkara ýaryşy

2007-nji ýylda Müsür döwletinde geçirilen halkara festiwalynda milli ýygyndy toparymyz bilen baýrakly 3-nji orny eýelemegi bilen başlanýar. Halkara derejesindäki ilkinji şowlulyk onuň sporta bolan höwesini, ýeňşe bolan yhlasyny has-da artdyrýar. Soňra milli ýygyndy toparymyzyň düzüminde Bolgariýa, Özbegistan, Belarussiýa, Türkiýe ýaly döwletlerde geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklaryna gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezip, uly tejribe toplaýar. Bagtygül 2017-nji ýylda futzal boýunça milli ýygyndy toparymyz bilen ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilenÝapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda, 2018-nji ýylda Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda garaşylyşyndan has netijeli oýun görkezýär.

Häzirki wagtda ezber türgenimiz milli ýygyndy toparymyz bilen daşary ýurtlaryň ençemesinde taýýarlyk okuw türgenleşiklerinde bolup geldi. Ol ýurtlaryň käbirlerinde daşary döwletleriň futzal toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdi.

Men söhbetdeşligimiň dowamynda Bagtygüle

«Siz ýene-de sportuň başga görnüşini saýlap almaly bolsaňyz, haýsyny saýlardyňyz?» diýenimde, ol: «Boş wagtlarym türkmen milli göreşi bilen meşgullanmagy gowy görýärin. Mümkin, şol sporty saýlardym. Ýöne täzeden saýlamaly bolsam welin, ýene-de futzal bilen meşgullanardym» diýip buýsançly ýylgyrdy. Şol wagt hem onuň ejesi Oraznabat gelneje gapydan girdi. Ol meniň bilen mähirli salamlaşdy. Bagtygül meniň «Serhet abat — Döwlet abat» žurnalynyň redaksiýasyndan gelendigimi aýdyp, tanyşdyrdy. Ýanymyzda ornaşan Oraznabat gelneje gyzynyň gazanan üstünlikleri hakynda buýsançly gürrüň berdi: «Bagtygül kiçiliginden sporta höwesekdi. Ilkinji gazanan medalyny görenimde, gözlerim begençli ýaşlardan dolupdy.»

 

Hawa, ýurt abraýyna saldamly goşant goşýan şeýle ezber türgeni ýetişdireni üçin mähriban enä müň keren sagbolsun aýdýarsyň. Ýatdan çykmajak ýatlamalara şaýat bolup, ýürekden syzylyp çykýan sözleri ýandepderçäme belläp, mähriban ene hem-de onuň serhetçi türgen gyzy bilen mähirli hoşlaşyp, Bagtygüle geljek ýyl ýurdumyzda geçiriljek Aziýa çempionatynda hem üstünlik gazanmagy arzuw etdim.

Ýolboýy hem serhetçi türgenimiziň ýeňişlere sary ymtylýan dogumly didelerindäki bagtyň keşbi,  mähriban enäniň öz türgen gyzynyň sport äleminde gazanjak üstünliklerine dünýädäki iň ajaýyp arzuwlary besläp bilşi, göz öňümde şol janlandy durdy, janlandy durdy…