Balkanabatda geçirilen duşuşykda “Nebitçi” “Şagadamy” kabul etdi. Bu duşuşykda tejribeli hüjümçi Mämmedaly Karadanowyň derwezä geçiren ýeke-täk topy “Nebitçä” möwsümdäki ilkinji ýeňşini getirdi.

16-njy martda “Şagadamy” öz meýdançasynda “Altyn Asyry” kabul eder. “Nebitçi” bolsa myhmançylykda “Köpetdag” bilen 17-nji martda duşuşarlar.

Futbol çempionatymyzyň ikinji tapgyry 12-nji martda paýtagtymyzda geçiriljek “Aşgabat” bilen “Köpetdagyň” arasyndaky duşuşyk bilen jemlener.

Bu tapgyrda geçirilmeli “Altyn Asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky duşuşyk 24-nji aprele süýşürildi.

Gol: 76 Mämmedaly Karadanow (“Nebitçi”)

Duýduryşlar: 77 Aşyrgeldi Ilýasow, 83 Wekil Kadyrow (“Nebitçi”) – 32 Aşyrgeldi Saryýew (“Şagadam”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)

Duşuşygyň emini: R.Mämmedow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: A.Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

Rank Teams Played Points
1 ALTYN ASYR FK 14 33
2 AHAL FK 14 31
3 ŞAGADAM 14 22
4 KÖPETDAG 14 20
5 AŞGABAT 14 17
6 MERW 14 13
7 NEBITÇI FK 14 13
8 ENERGETIK FK 14 8