Messi Neymar

Transferde nädogry ädim ätýän Barselona toparyna Messi basyş edýär. Ispaniýanyň metbugaty, Argentinaly ýyldyzyň PSG-de oýnaýan Neýmary almagy talap edýändigini aýtdy.

4 möwsüm Barselona formasyny geýenden soň, Neýmar 2017-18-nji ýylda PSG-nin düzümine geçipdi.

Ispan metbugaty Sambajynyň indiki möwsümde ýene-de Barsa köýnekçesini geýjekdigini aýtdy. Lionel Messiniň soňky iki möwsümde transferde nädogry hereket eden Katalon toparyndaky Neýmary dolandyryşa alyp gitmegi üçin ýolbaşçylara basyş edendigi öwrenildi.

Şeýle hem, Barselona Argentinalynyň haýyşyndan soň düwmä basandygy we fransuz topary bilen habarlaşandygy mälim edildi.

PSG 222 milýon ýewro pul isleýärNeymar

Neymary 222 million ýewro bahasy bilen düzümine goşan PSG-iň puldan başga teklipleri kabul etmeýändigi bellendi. Kataloniýa toparyna öz garaýşyny aç-açan görkezen fransuz wekiliniň ähli barter tekliplerine negatiw jogap berendigi ýüze çykdy.

Şeýle hem Ispaniýanyň metbugaty PSG-iň 222 million ýewro tölän halatynda Neýmar üçin satuwyna rugsat berjekdigini ýazdy. Bu möwsümdäki şikesleri sebäpli bary-ýogy 20 resmi oýun oýnan 28 ýaşly Braziliýaly, bäsdeş torlarynda 16 gezek tapawutlandy. Şeýle hem, 8 asist etdi.