Barselona uzak wagtlap öz toparyna goşmak isleýän “Inter” futbolçysy Lautaro Martines bilen ylalaşyk gazandy.

22 ýaşly futbolçy bilen gepleşik geçirýän Kataloniýa kluby onuň bilen şahsy şertnama baglaşdy. Inter bolsa Martinesiň geçişi üçin futbolçy çalşylmagynyň tarapdary däl.

Milan kluby Argentinaly futbolçynyň geçirilmeginden pul gazanmak isleýär. Taraplaryň arasynda gepleşikleriň geçirilýändigi habar berildi. Martinesiň Inter bilen şertnamasy 2023-nji ýyla çenli dowam edýär.